Sepleriň elýeterliligi

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrady goşgusy.

Bir bendäň ýakasy,
bir gendäň eli!
Hazan bolup ösýä ýamanlyk ýeli.

Millet aýna bakyp özün tananok.
Öňki keşbiň dolanjagna tama ýok.

Dil dişe bukuldy,
gyşardy dahan,
Ene "mamaş" boldy,
ata-da "pahan".

Hiç kim "Bize näme boldy?" diýenok,
Hiç kesem özünde günä goýanok.

Kemsidilen ahmyryny gizleýä,
Ýene kesekiden haraý gözleýä.

Aglanyň nalasyn gülen eşitmez,
Özüňden özgeden haýyşyň bitmez.

El bulap çagyrlan gitmez yzyna.
Ýene oturansyň urup dyzyňa.

Ýene-de gadymky bakna günüňdir,
Ýene depelenýän bakja-gülüňdir.

Özüňkiler bolsa dyr-pytrak bolan,
Hersiniň umydy ýat ilde solan.

Halyna gynanjak,
nebsi agyrjak.
Özi baryp bilmän,
seni çagyrjak.

Biri haýbat bilen ýumruk bulajak,
Seniň ykbalyňy dile çolajak.

Ünsüň başga ýana sowman esetseň,
Ýurt eýesi boljak kimi gepletseň.

Ilatyň ýakasy,
jelladyň eli…
Badyn gowşatmazmy ýamanlyk ýeli?

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG