Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: ÝHHG studentleri türgenleşdirdi


Halkara gatnaşyklary we halkara kanunlary ugrundan bilim alýan 60 türkmen studenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň türgenleşiklerine gatnaşdy. Olaryň Türkmenistanyň dünýä bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam berjegine umyt bildirilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuwçylary öz mugallymlary bilen bilelikde ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasynyň türgenleşiklerinden geçdi.

ÝHHG 19-njy sentýabrda ýaýradan beýannamasynda studentler toparynyň guramanyň taryhy, baş ýörelgeleri, gymmatlyklary, şeýle-de howpsuzlyk borçnamalary we olaryň durmuşa geçirilmegi ugrundan sapak alandygy barada habar berildi.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň proýektiniň koordinatory Kristofer Hornek (Christopher Hornek) türkmen diplomatlarynyň “geljekde Türkmenistanyň halkara guramalaryna has giň gatnaşmagy boýunça tagallalara” goşant goşmagyna özüniň umyt baglaýandygyny aýtdy.
Türkmenistan 2006-njy ýylda prezident Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagyndan soň üzňeligi azaltmak boýunça wagtal-wagtal ädim ädýär.

XS
SM
MD
LG