Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şotlandiýa: Garaşsyzlyga “ýok”


Şotlandiýa Birleşen Patyşalygyň düzüminde galmak ugrunda ses berdi we garaşsyzlygy ret etdi. Bu ses berişlik jemgyýetde bölünişik döredipdi we dünýä derejesinde özüne ünsi çekipdi.

18-nji sentýabrda geçirilen taryhy referendumyň netijeleri ses berijileriň 55% çemesiniň “ýok” diýip jogap berendigini görkezdi.

Şotlandiýanyň Milli partiýasynyň lideri Aleks Salmond Edinburgda eden çykyşynda “Şotlandiýa köpçülik bolup, häzirki tapgyrda garaşsyz döwlet bolmazlyk kararyna geldi. Men halkyň kararyny kabul edýärin” diýdi.

Salmond Şotlandiýanyň Britaniýa bilen 307 ýyllyk bileleşiginiň soňuna çykmak boýunça alyp baran göreşinde ýeňişi boýun aldy we “adaty işe dolanýandygyny” aýtdy, şeýle-de Britaniýany Şotlandiýa has giň ygtyýar bermek baradaky wadasyny gysga wagtda ýerine ýetirmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG