Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sud Sakaşwiliniň emlägini alýar


Gürjüstanyň sudy ozalky prezident Mihail Sakaşwilä degişli emläkleri konfiskasiýa etdi.

Aklawçy Otar Kakhidze 19-njy sentýabrda öz müşderisiniň jaýynyň we günorta Kwareli etrabyndaky ýeriniň, Sakaşwilä garşy derňew soňlanýança, konfiskasiýa edilendigini aýtdy.

Tbilisidäki Şikaýat sudy hem Sakaşwiliniň aýalyna degişli kwartirany, onuň ejesine we enesine degişli emläkleri konfiskasiýa etdi.

Bu hereket günbatar döwletleri, şol sanda Birleşen Ştatlar tarapyndan tankyt edildi. Olar Gürjüstanyň hökümetine ozalky resmileriň syýasy sebäpler esasynda yzarlanmaly däldigini duýdurdylar.

XS
SM
MD
LG