Sepleriň elýeterliligi

«Propaganda» garşy $10 million


Birleşen Ştatlaryň Senatynyň daşary gatnaşyklar komitetinde Orsýetiň Ukrainadaky, Gürjüstandaky we Moldowadaky «propagandasyna» garşy durmak üçin ýylda 10 million dollar maliýe serişdesini goýbermeklige ygtyýar berýän kanun taslamasy kabul edildi.

Bu ygtyýarnama Ukraina Azatlyk goldawy aktynyň bir bölegi bolup, komitet tarapyndan 18-nji sentýabrda kabul edildi.

Kanun taslamasynda aýdylmagyna görä, bu serişdeler Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň «Orsýet Federasiýasynyň propagandasyna» garşy gönükdirilen beýleki fondlaryndan aýry bolar.

Bu taslamanyň Senatda haçan sese goýuljagy belli däl.

XS
SM
MD
LG