Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Orsýetiň 'kömegi' geldi


Orsýetiň ITAR-TASS habar gullugy 20-nji sentýabrda 200 çemesi ulag kerweniniň ukrain serhedinden girendigini we käbirleriniň eýýäm häzir separatistleriň elindäki Donetsk şäherine ýetendigini habar berdi.

ITAR-TASS we RIA Novosti orsýetiň üçünji ynsanperwer kömeginiň azyk, generator, derman, suwly çüýşe ýaly zatlary getirýändigini habar berdi.

Orsýetiň media guramalarynyň ýazmagyna görä, Orsýet tarapy ukrain häkimiýetlerini we Halkara Gyzyl Haç komitetini bu ýükleri serhetde barlamak üçin «birnäçe gezek» çagyrypdyrlar, emma olar «hiç bir sebäp görkezmän, mundan boýun gaçyrypdyr».

Ilkinji rus ynsanperwer kömegi Ukraina awgustda getirilipdi. Ikinji kömek kerweni bolsa 13-nji sentýabrda getirildi. Ukraina bu kerwenleriň serhetden geçmegini «göni süsdürilme» diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG