Sepleriň elýeterliligi

Ukrain gepleşiklerinde progres bar


Minskide Ukrainadaky ýagdaý barada geçirilen gepleşiklerde öňegidişligiň bolandygy habar berilýär.

Orsýetiň, Ukrainanyň, gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistleriň we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň «kontakt topary» diýilýän 19-njy sentýabr agşamy gepleşiklere başlady.

20-nji sentýabrda bu toparyň gündogar Ukrainadaky ýagdaýy köşeşdirmäge gönükdirilen birnäçe ylalaşyga gelendigi habar berildi.

Deslapky habarlarda agyr ýaraglary konflikt zonasyndan yza çykarmak, söweş uçarlarynyň ýa-da dronlaryň bu sebitiň üstünden uçuşyny togtatmak, ýesirleriň täze alyş-çalşygyny geçirmek, aralyk liniýada ÝHHG-nyň gözegçilerini ýerleşdirmek barada ylalaşyga gelnendigi aýdyldy.

Ozalky ukrain prezidenti, Minsk gepleşiklerindäki ukrain delegasiýasynyň ýolbaşçysy Leonid Kuçma ukrain territoriýasyndaky ähli daşary ýurt toparçaklarynyň hem çykarylmagy barada ylalaşylandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG