Sepleriň elýeterliligi

«Içalyçylyk» üçin öldürildiler


Owgan resmileri «Talybanyň» demirgazyk-gündogardaky Konar welaýatynda iki sany studenti öldürendigini aýdýarlar.

Olar hökümetiň peýdasyna içalyçylyk etmekde aýyplanypdyr. Konaryň polisiýa başlygynyň orunbasary Abdel Kader Han Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna ol studentleriň 20-nji sentýabrda Nari etrabynda öldürilendigini aýtdy.

Bu iki student geçen aý alnyp gaçylypdyr. «Talyban» bu aýdylýana hiç bir düşündiriş bermedi.

XS
SM
MD
LG