Sepleriň elýeterliligi

Türkiýä Siriýadan 45 müň kürt geldi


Ankara soňky günlerde onlarça müň kürdüň, «Yslam döwletiniň» jeňçileri bilen çaknyşyklardan gaçyp, Siriýadan Ankara geçendigini aýdýar.

Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasary Numan Kurtulmuş 20-nji sentýabrda žurnalistlere Türkiýe 19-njy sentýabrda serhedi açaly bäri, 45 müň çemesi siriýaly kürdüň sekiz serhet geçelgesinden Türkiýä girendigini aýtdy.

«Yslam döwletiniň» jeňçileri soňky günlerde demirgazyk Siriýanyň Kobani töwereklerinde ondan gowrak obany ele geçirdiler.

XS
SM
MD
LG