Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Geň kitap


"Belki, gudrat hatda däl, diňe mazmundadyr?"
"Belki, gudrat hatda däl, diňe mazmundadyr?"

Islendik elipbiý bolsa-da, halk oňa hormat bilen garaýar. Sebäbi şol elipbiý bir milletiň medeniýetini saklaýar hem ösdürýär. Beýleki tarapdan, elipbiý millete sowat öwredýär. Elipbiý ynsanyň döreden iň beýik kämilligi, ýokary paýhasy bolsa gerek.

Gudratly hat

Biziň ilimizde arap elipbisine aýratyn hormat goýulýar. Onuň baş sebäbi Kurhany Kerim şol elipbide ýazylyp, köpçülige ýetirilipdir hem onda Allanyň ady ýazylýar.

Biziň ýaşlyk döwrümizde, ýagny kommunistler zamanynda ol elipbiýi öwrenmek gadagandy. Kim özbaşdak öwrense, ol yzarlanýardy.

Bir gezek meýdanda işläp ýörenimizde, arap elipbisinden gürrüň çykdy. Şonda bir ýaşuly käbir arap harpynyň nähili ýazylýandygyny ýere çyzyp görkezdi. Soňra bolsa eden çyzgylaryny aýasy bilen endigan bozdy-da, onuň daşyny aýlady. “Şu ýeri basaýmaň” diýip sargyt etdi.

Biz – ýaşlar arap hatyna-da, onuň ýazylan ýerine-de örän mukaddeslik bilen garadyk.

Gadaganlyk hem aýanlyk

Arap hatyny okap öwrenmegiň gadagandygyna garamazdan, obada ony okaýanlar bardy. Olardan Gadyrly mollanyň köne kitaby okaýşy-da, sesi-de üýtgeşikdi. Dini sowadynyň nä derejededigini biljek däl, ýöne kitap okaýşyna dil ýetirip bilmezdiler.

O döwürler elektrik togy bolmansoň, telewizor ýokdy. Onsoň kitap ýeke-täk bilim çeşmesi hem uly dünýä seredip bolýan bir kiçijik aýnady. Kiçi diýmegimiň sebäbi, dünýäni öwrediji kitaplar bizde örän azdy.

Gadyrly molla oraza agşamlarynda, agyz açylandan, tarawa namazy başlanýança ýa-da uzak gyş gijeleri kitap okap berýärdi. Kimdir biriniň öýünde üýşmeleň bolsa, nahar iýip, turup gaýdybermek gelşiksizdi. Şonda adamlar molladam kitap okap bermegini haýyş ederdiler.

Ol kitaby labyzly sesi bilen köne kitaby dilde, ýöne örän düşnükli derejede okaýardy. Eger goşgy bolsa, ony aýdyma kybapdaş edip, mylaýym äheňe garýardy.

Elbetde, ol kitaplaryň ählisi agiografiýa edebiýatlarydy. Olara hatda Magtymguly hem goşulmaýardy. Indi onuň Rabguzynyň “Kasasyl enbiýa” kitabyndan bölekler okaýandygyny bilýän. “Baba Röwşen” hem ýadymda.

Biziň mollamyzda Hezreti Alynyň durmuşyndan ýa-da onuň duçar bolan synaglaryndan gürrüň berýän, fantastika çalymdaş kitaplar bolardy. Göwnüme bolmasa, Hezreti Aly barasyndaky kitaplar aşa köpdi.

Ol mollada bir hülle ýaglyk kitap bardygyny özüm görüpdim. Kurhany Kerimi ol aýratyn saýlap goýýardy.

Tötänlik

Bir gezek obamyza Çärjewden ýa-da Özbegistandan atly işan geldi. Oňa şol belli Äraly işanyň neberelerinden diýdiler. Onuň dili çalgyrtdy, ýöne düşünmezçe däldi. Megerem, çagataý dilinde gürleýän bolsa gerek.

Ýol ýadawlygy çykyp, dem-dynç alnandan soňra ol adamlardan özüne degişli näme sowal-jogaplarynyň bardygyny sorapdy. Adamlar hem ondan kitap okap bermegini haýyş etdiler.

Kitabam diňe bir mollada bar. Onuň öýüne adam iberdiler. Molla öýünde ýok ekeni. Aýaly bolsa: “Molla agaňyzyň iň halaýan kitaby şu. Ol muny elinden düşürmän okaýar” diýip, bir deregi dargap barýan kitaby berip goýberýär.

Garry işan ol kitaby eline alyp geň galypdy. “Siziň mollaňyz şeýle zady okaýarmy?” diýip sorag berdi. Soňra bolsa gaharlanyp, sesini gataltdy.

– Ýok ediň muny. Oda ýakyň!.. Ýere gömüň! Ol okalýan kitap däl…

Ol kitap garry işanyň diýseň gaharyny getirdi. Ellerini silkeleşdirip, üst-başyny kakyp, kitabyň ýanyndan aýryldy.

Amanady getiren ony derrew yzyna gowşurmaga ylgady.

Biziň göwnümize arap elipbisinde ýazylan kitaplaryň ählisi hezreti Ýusuby ýa Nuh pygamberi beýan edäýjek ýalydy. Bu kitap bolsa hormatly işanyň gaharyny getirdi. “Beýle ýakymsyz kitabam boljak ekeni?” diýip, oba adamlary geň galdy.

Zerurlyk

Yurt Garaşsyzlygyny alandan soň, maňa Eýrana gitmek nesip etdi. Şonda ilkinji gözüme ilen ýazgy hajathananyň ýüzündäki hat bolupdy. Olar muny arap haty bilen ýazypdyrlar.

Köçeleriň ugrunda suw geçýän turbalaryň ýa-da aragatnaşyk geçirijileriniň üstüne goýlan çoýun gaplaryň ýazgylary-da arap hatyndady. Adamlar oňa parhsyz bolup, üstünden ýöräp geçýärdiler. Men bolsam muňa haýran galyp seretdim hem ýaşlygymyzda bu elipbini gudrat saýyşymyzy ýatladym.

Belki, gudrat hatda däl, diňe mazmundadyr. Hat – elipbiý şol gudratly mazmuny ýa-da gündelik zerurlygy aňlatmak üçin bir serişde.

Adamlar şol serişdäni mukaddeslik üçinem, gündelik hajatlary üçinem peýdalanyp bilýärler.

Islendik zatdan mukaddeslik gözlemek – sadalykdyr.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy. Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG