Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow pagtaçylar bilen duşuşdy


Prezident G.Berdimuhamedow pagta meýdanynda. Durun daýhan birleşigi, 19-njy sentýabr, 2014. "Türkmenistan: Altyn asyr" saýtynyň suraty.

Prezident G.Berdimuhamedow pagta meýdanynda. Durun daýhan birleşigi, 19-njy sentýabr, 2014. "Türkmenistan: Altyn asyr" saýtynyň suraty.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, oba hojalyk işleriniň barşy, kärendeçiler üçin döredilen amatly şertler bilen tanyşdy.

Türkmen telewideniýesiniň habar bermegine görä, prezident Berdimuhamedow Baharly etrabynyň Durun daýhan birleşigine degişli gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan işler bilen tanşyp, kärendesinde işläp ýören daýhan Gurbannazar Gurbannazarow bilen söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşlikden belli bolşuna görä, kärendeçi Gurbannazarowyň umumy 17 gektar ýeri bolup, ol onuň 5 gektaryna gowaça ekipdir. Ol ýetişen pagtanyň ýaryny maşyn bilen, ýaryny bolsa el bilen ýygmagy planlaşdyrandygyny gürrüň berdi.

Şeýle-de daýhan geçen ýyl pagtadan 11896 manat girdeji alandygyny, bugdaýdan 6 müň manat alandygyny gürrüň berdi.

"Problema ýok"

Kärendeçi Gurbannazarow prezidentiň dökün, suw, tehnika, tohumlaryň hili baradaky soraglaryna jogap berip, özüne döwlet tarapyndan hemme kömegiň edilýändigini, hiç bir kynçylygynyň ýokdugyny aýtdy.

Prezident daýhan bilen söhbetdeşlikden soň, Türkmenobahyzmat döwlet birleşiginde ulanyşdan galan oba hojalyk tehnikalaryny kärendeçi daýhanlara mugt bermek baradaky kararyň kabul edilendigini ýatlatdy. Kärendeçi daýhan bu tehnikalardan özüniň hem alandygyny, häzir olary ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna abatlaýandygyny «guwanç bilen gürrüň berdi» diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de prezident obalardaky durmuş şertleri bilen gyzyklandy we daýhan oňa obalarda ähli ýaşaýyş amatlyklarynyň döredilendigini, ýagny obanyň şäher bilen deňleşendigini, çagalar baglarynyň, medeniýet, sport öýleriniň gurlandygyny, agyz suwunda, gazda, tokda hiç bir meseläniň ýokdugyny aýtdy.

Soňra prezidentiň kärendeçi daýhanyň maşgala agzalary, beýleki ýygymçylar bilen duşuşyp, kärendeçilere we ýygymçylara sowgat gowşurandygy habar berilýär. Pagtaçylar hem prezidente daýhanlaryň iş we durmuş şertleriniň barha gowulanýandygyny aýdyp, öz hoşallyklaryny bildiripdirler.

Prezident Berdimuhamedow soňra hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda pagtadan doldurylan haltany «Ine, bu-da seniň bol hasylyňa goşant bolsun» diýip, kärendeçä gowşurdy.

Prezident Berdimuhamedow daýhanlar bilen duşuşykdan soň Baharly etrabynyň çäginde alnyp barylýan işler, täze döwrebap obany döretmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy diýip, habarda aýdylýar.

Türkmen telewideniýesi prezidentiň Ahal welaýaty boýunça amala aşyran iş saparynyň soňuny kärendeçi daýhanlaryň, pagtaçylaryň prezidente minnetdarlyk sözleri, alkyşlary bilen bilen jemleýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG