Sepleriň elýeterliligi

Gazprom Neft nebiti ýuana satýar


Gazprom Neftiň prezidenti telewideniýe söhbetdeşliginde öz kompaniýasynyň nebitiniň rubla we Aziýa bazarynda hytaý ýuanyna satyljagyny aýtdy.

Andreý Dýukow 20-nji sentýabrda “Rossia 24 TV» kanalyna beren gürrüňinde öz kompaniýasynyň eýýäm Nowoportowskoe ýatagyndaky nebitini rubla satýandygyny, Aziýa bazarynda bolsa ýuana satýandygyny aýtdy.

Dýukow Gazprom Neftiň öz nebit önümleriniň ählisini hakykatda islendik wagtda ýewro pul birligine satyp başlamak barada goşmaça ylalaşyk baglaşandygyny gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG