Sepleriň elýeterliligi

Ak tamda howpsuzlyk güýçlendirildi


Birleşen Ştatlaryň gizlin gullugy bir adam haýatdan böküp, prezidentiň rezidensiýasyna golaý baransoň, Ak tamda howpsuzlygy ýokarlandyrdy.

Gizlin gullugyň direktory Julia Pierson 20-nji sentýabrda, 19-njy sentbýardaky hadysadan soň, howlynyň demirgazyk haýatynyň boýunda ofiser patrulynyň we gözegçiligiň ýola goýuljagyny aýtdy.

Prezident rezidensiýasyna barmakçy bolan adamyň adynyň Omar Gonzales bolup, onuň pyçak bilen ýaraglanandygy aýdylýar.

Hadysanyň bolan wagtynda prezident Barak Obama Ak tamda däl eken.

XS
SM
MD
LG