Sepleriň elýeterliligi

"Rus güýçleri entegem Ukrainada"


NATO-nyň ýokary derejeli harby komandiri 20-nji sentýabrda rus güýçleri entegem Ukrainanyň içinde hereket edýärler we ýaraşyk ylalaşygy işlemeýär diýdi.

Ýöne ol täze parahatçylyk planynyň öňegidişlik döretmegine umyt baglady. Amerikan generaly Filip Bridlow Litwada žurnalistlere «olar, ýagny rus goşunlary heniz hem Ukrainanyň içinde» diýdi, emma anyk sanlary aýtmady.

Bridlow 5-nji sentýabrdaky ýaraşygyň «diňe adynyň bardygyny» aýtdy. Ol zorluk derejesiniň, şol sanda soňky birnäçe günde atylýan top zalplarynyň sanynyň ýaraşyk baglaşylmazyndan ozalkysy ýaly ýokarydygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, Bridlow 20-nji sentýabrdaky ylalaşyga görä, ukrain hökümet güýçleri bilen orsýetçi jeňçileriň arasynda döredilmeli bufer zonasynyň ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga kömek etjegini belledi.

Bridlow Wilnýusda NATO-nyň harby ýolbaşçylary bilen duşuşýardy.

XS
SM
MD
LG