Sepleriň elýeterliligi

Gazak gaçgagy Astana berildi


Orsýetiň Baş prokuraturasy Gazagystanyň BTA bankynyň ozalky resmisi Erlan Kosaýewi gazak resmilerine tabşyrdy.

Kosaýew milliardlap dollar pul ogurlygyny gurnan shema bilen ilteşiklilikde aýyplanýar.

Prokuraturanyň ýaýradan beýanatynda «E.Kosaýew şu gün, 21-nji sentýabrda Orsýetden Gazagystana geçirildi we Astanada tussaghana ýerleşdirildi» diýilýär.

Kosaýew Gazagystandan gaçyp, Orsýetiň Brýansk şäherinde ele salyndy. Ol rus sudlary Gazagystanyň ekstradisiýa talabyny barlaýança tussaglykda saklanyldy.

Uly möçberdäki pul ogurlygynda esasy güman edilýän Muhtar Ablýazow, ol 2009-njy ýylda ýurtdan gaçmanka BTA-nyň başlygy bolupdy.

Ablýazow özüniň gazak hökümetine oppozisiýada durýandygyny aýdýar we Gazagystanyň özüni şu sebäpden ele saljak bolýandygyny, bu ýurtda özüniň adalatly sud edilmejegini öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG