Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmen türgeni kümüş medal aldy


Koreýa respublikasynda, XVII Aziýa oýunlarynyň Inçhonda geçirilýän ýaryşlarynyň ilkinji gününde 52 kg agramda çykyş edýän türkmen dzýudoçysy Gülbadam Babamyradowa garşydaşlaryny ýeňip, kümüş medala mynasyp boldy.

Türkmen telewideniýesi Gülbadamyň birinji tutluşygynda gyrgyzystanly garşydaşyny, soňra koreýaly, gazagystanly garşydaşlaryny ýeňendigini habar berýär.

Gülbadam Babamyradowa jemleýji tutluşykda ýaponiýaly türgen bilen bäsleşip, deňe-deň bolupdyr.

XS
SM
MD
LG