Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aklawçy Ukrainany suda berer


Germaniýaly aklawçy Ukrainany Malaýziýanyň 17-nji iýulda gündogar Ukrainada, separatistleriň kontrollugyndaky territoriýada ýykylan uçary babatdaky geleňsizlik üçin suda bermekçidigini aýdýar.

Awiasiýa kanunçylygy boýunça spesialist Elmar Giemulla özüniň Orsýeti hem suda berip biljegini aýdýar.

Giemullla şikaýat arzasynyň gelýän hepdelerde, betbagtçylykda garyndaşlaryny ýitiren üç german maşgalasynyň adyndan, Ýewropanyň Adam hukuklary suduna beriljegini aýtdy.

Ol eger, Kiýewiň aýdyşy ýaly, uçary orsýetçi separatistler urup ýykan hem bolsa, Kiýew geleňsizlik edipdir diýen pikiri öňe sürýär.

Aklawçynyň aýtmagyna görä, eger-de hökümet geçýän uçarlaryň howpsuzlygyny kepillendirip bilmese, awiasiýa kanunçylygyna görä, öz howa giňişligini ýapmaly. Ol muny kanunyň talap edýändigini aýdýar.

Giemula, aýdylmagyna görä, heläk bolan her bir ýolagçy üçin 1 million ýewro kompensasiýa talap etmekçi bolýar. Ol garyndaşyny ýitiren beýleki maşgalalaryň hem bu şikaýata goşulyp biljegini aýdýar.

XS
SM
MD
LG