Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müňlerçe orsýetli ýörişe çykdy


Sankt Peterburgda we Moskwada müňlerçe adam Orsýetiň gündogar Ukrainadaky roluna garşy protest bildirip, urşa garşy demonstrasiýa gatnaşamaga geldi.

Sankt Peterburgda birnäçe müň adam ygtyýar berilmedik proteste ýygnandy. Moskwanyň Puşkin skwerinde ýüzlerçe adam toplanyp, ýörişe gatnaşýar.

Orsýetçi separatistleriň tarapdarlaryndan hem onlarça adam toplandy.

Protestçiler Ýekaterinburgda hem toplandy we aktiwist Artem Kosaretskä hüjüm edilendigi we soň onuň tutulandygy aýdylýar.

Ýörişiň şygary "Putin, ýalançylgy we urşy bes et!"

BMG-niň halkara Parahatçylyk gününe gabat şeýle ýörişleriň Praga, Berlin, San Fransisko ýaly şäherlerde hem planlaşdyrylandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG