Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Haç parzynyň öňündäki böwetler


Doga edip duran musulmanlar
Doga edip duran musulmanlar

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow haç parzyny berjaý etmegi üçin 188 zyýaratçyny Saud Arabystany patyşalygyna ýollamak baradaky buýruga gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugyna zyýaratçylary Saud Arabystany patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin “Boing-757” uçarynyň ýörite gatnawyny öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak tabşyrylypdyr.

Talaplar

Bu hili döwlet ýardamyndan peýdalanmakçy bolýan türkmenistanly musulmanlaryň şahsyýeti häkimiýetleriň kesgitlän şertlerine gabat gelmeli. Ýagny, haja gidýänleriň hemmesi 40-70 ýaş aralygyndaky türkmenistanly raýatlar bolmaly.

Haja gitmek üçin raýatlardan olaryň özi barada birnäçe zerur maglumatlar talap edilýär: Haç zyýatratyna gitjekleriň üç arkasy, maşgala agzalary baradaky anketada zyýaratçynyň ozal jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi ýa-da çekilmändigi baradaky maglumatlar anyklanylýar.

Şeýle-de zyýaratçynyň öz ýaşaýan ýerindäki metjide gatnap, bäş wagtyna namaz okandygy barada şol metjidiň ymamynyň tassyknamasy, onuň abraýly ýaşuludygy barada ýaşaýan ýeri boýunça dolandyryş edarasyndan häsiýetnama talap edilýär. Talap edilýän dokumentler toplanandan soň, olar Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Din işleri baradaky geňeşine tabşyrylmaly.

Mundan başga-da zyýaratçy özüniň haç parzyny berjaý edip biljekdigini görkezýän saglygy baradaky sprawkany bermeli. Bu sprawka onuň ýaşaýan ýerindäki saglyk öýünden alynýar.

Diňe şu ýokarda agzalan maglumatlar tabşyrylandan soň, zyýarat etmäge gitjek adam sanawa goşulýar. Şol sanawdaky adamlaryň zyýarata gitmek üçin nähili tertipde we wagt çäginde saýlanýandygyny anyklap bolmady.

Şol bir wagtda hökümet gürrüňi gidýän 188 zyýaratçyny diňe Saud Arabystanyna eltmegi we ol ýerden alyp gaýtmagy öz üstüne alyp, galan çykdajylary zyýaratçylaryň özleri çekmeli. Zyýaratçylar zyýarat wagty takmynan 1,500-2,000 dollar töweregi pul harç edýärler. Bu çykdajylar, esasan, olaryň bolýan myhmanhanalarynyň bahalary bilen bagly.

Öz hasabyna gidýänler

Şol bir wagtda Türkmenistandan döwletden ýardam almazdan, öz hasabyna haç zyýaratyna gidýän adamlar-da bar. Şu günler paýtagtyň Parahat mikroraýonynda ýerleşen Saud Arabystanynyň ilçihanasynyň daş-töwerekleri haja gitjek bolýan adamlardan doly.

Bu ýerde ýüzden hem köp adam öz nobatlaryna garaşyp durlar. Ýörite düzülen nobat sanawynda şu gün günortan 594 sany adam ýazylypdyr. Olar öz aralarynda 30-40 adamdan ybarat toparlara birigip, wiza almak üçin nobatlaryna garaşýarlar. Olar öz toparlarynyň ýolbaşçylaryna wiza üçin zerur bolan dokumentleri berip, soňra jogaba garaşýarlar.

Emma şu ýyl wiza almagyň kyn boljakdygyny aýdýanlar az däl. Bu ýere üýşüp duran adamlaryň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, käbir toparlaryň ýolbaşçylary şu ýyl wiza berilmeýär diýip, olaryň dokumentlerini yzyna gaýtarypdyrlar.

Bu aýdylýanlar bilen bagly paýtagtdaky Saud Arabystanyň patyşalygynyň ilçihanasyndan degişli maglumat almak başartmady.

Turistik kompaniýalary

Bu aralykda adamlaryň käbirleri wiza almak üçin turistik kompaniýalara hem ýüz tutýarlar. Emma, turistik kompaniýalaryň işgärleriniň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, olara haç zyýaraty bilen meşgullanmak gadagan edilipdir.

Paýtagtdaky bir hususy turistik kompaniýanyň işgäri Maksadyň aýmagyna görä, Türkmenistandan haç zyýaratyna gitmäge her ýyl 5 müň adamlyk kwota berilýär. “Emma biziň hökümetimiz şol kwotany doly ulanmaýar. Eger rugsat berilse, biziň özümiz hem şol kwotadan peýdalanyp, adamlary haç zyýaratyna ugradyp biljek” diýip, Maksat öz pikirini beýan edýär.

Türkmenistan garaşsyzlygyny alany bäri her ýyl diýen ýaly diňe 180 töweregi zyýaratçyny döwlet ýardamy bilen haç parzlaryny berjaý etmäge iberýär. Şu ýyl döwlet tarapyndan berilýän ýardamy ulanyp, 188 zyýaratçy 27-nji sentýabr-17-nji oktýabr aralygynda haja gidip gelerler.

XS
SM
MD
LG