Sepleriň elýeterliligi

ABŞ owgan ylalaşygyna gowy baha berdi


Ak tam Owganystanda geçirilen dawaly prezidentlik saýlawlary bilen ilteşikli ençeme aý bäri dowam edýän goh-galmagalyň soňuna ýetilip, ýurtda häkimiýet paýlaşygy şertnamasyna gol goýulmagyna gowy baha berdi.

Gelnen ylalaşyga laýyklykda, Aşraf Gani ýurduň prezidenti, Abdylla Abdylla bolsa häkimiýetiň baş ýerine ýetirijisi bolar.

Bu ylalaşykdan birnäçe sagat soň Owganystanyň saýlaw komissiýasy Ganini iýun aýynda geçirilen saýlawlaryň ýeňijisi diýip yglan etdi, emma şol saýlawlaryň soňky netijelerini mälim etmegi ret etdi.

Ak tam gürrüňi gidýän şertnama gol goýulmagyna gowy baha berip, “demokratik prosese hormat goýmak” Owganystanyň öňe gitmegi üçin ýeke täk hakyky ýoldur diýdi.

Şeýle-de, Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşi “Owganystanda prezidentlik saýlawlarynyň tamamlanmagyna” gowy baha berip, metbugat beýanatyny ýaýratdy. Beýanatda gurama agza ýurtlaryň Owganystanyň täze “milli bütewi hökümeti” bilen işleşmegi umyt edýändigi mälim edilýär.

XS
SM
MD
LG