Sepleriň elýeterliligi

Poroşenko konflikti harby usul bilen çözüp bolmaz diýdi


Ukrainanyň prezidenti Petro Prorşenko, eger orsparaz pitneçiler bilen parahatçylyk prosesi başa barmasa, Ukraina özüni goramaga taýýar bolmalydyr diýdi.

Muňa garamazdan, Poroşenko gündogar Ukrainadaky konflikti harby usul bilen çözüp bolmajakdygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

21-nji sentýabrda ukrain metbugatyna beren maglumatynda Poroşenko ýurduň Donetsk we Luhansk regionlarynda bolan söweşlerde Ukraina özüniň harby tehnikasynyň 65%-ni ýitirdi diýdi.

5-nji sentýabrda Kiýew we orsparaz separatistler ok atyşygy bes etmek barada ylalaşyga gol goýdular. Bu ylalaşygy birnäçe sapar bozandygyna garamazdan, söweşiji tarap 19-njy sentýabrda artilleriýa toplaryny we agyr ýaraglaryny 30 kilometrlik bufer zonanyň daşyna çykarmagy kabul etdi.

XS
SM
MD
LG