Sepleriň elýeterliligi

Makarewiçiň konserti goýbolsun edildi


Russiýanyň rok sazandasy Andreý Makarewiçiň Sank-Peterburg şäherindäki konserti goýbolsun edildi. Bu waka Makarewiç Ukrainadaky konflikt bilen baglanyşykly Moskwany köpçülikde tankyt edensoň bolup geçdi.

Makarewiçiň aýdym-sazyň jaz ugry boýunça sungat işgäri Ildar Kazakow bilen birlikde 28-nji sentýabrda Russiýanyň ikinji iň uly şäherindäki “Jagger klubda” konsert bermegi planlaşdyrylýardy.

Gürrüňi gidýän klubyň resmileri özleriniň 22-nji sentýabrda beren maglumatynda “sazandanyň dabara gatnaşyp bilmejekdigi sebäpli” konsertiň goýbolsun edilýändigini mälim etdiler. Emma olar haýsy sazandanyň gatnaşyp bilmejekdigi barada takyk maglumat bermediler.

Soňky günlerde “Maşina Wremeni”, ýagny “Wagt maşyny” atly toparyň esasy aýdymçysy Makarewiçiň Russiýanyň birnäçe şäherindäki konsertleri goýbolsun edildi.

XS
SM
MD
LG