Sepleriň elýeterliligi

Korli: Hajy çäklendirmek hukugy depelemekdir


Mekka

Mekka

Türkmenistanyň raýatlarynyň haja gitmek meselesi barada yzygiderli maglumat berýän dini meseleler boýunça “Forum 18” täzelikler agentligi, Saud Arabystanynyň Türkmenistandaky ilçihanasyna salgylanyp, bu ýurduň, türkmenistanlylaryň Mekgä haja gidip bilmegi üçin müňlerçe adamlyk kwota ýer berýändigini belleýär.

“Forum 18” agentliginiň baş redaktory Feliks Korli Türkmenistandan haja gidýänleriň şu ýyl ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada öz pikirini mälim etdi.

Azatlyk Radiosy: Feliks, Türkmenistanyň haç zyýaratyny berjaý etmek isleýän raýatlarynyň şu ýyl öz hasabyna özbaşdak haja gitmek meselesinde wiza almak ýaly kynçylyklara uçramagyna siz nähili garaýarsyňyz?

Feliks Korli: Her bir adamyň wyždan azatlygyndan peýdalanmaga hukugy bar. Bu hukuk ýurduň çäginde we daşynda zyýarata gitmegi hem öz içine alýar. Häkimiýetler hiç bir raýatyň öz islegine görä zyýarata gitmegine päsgel bermäge hakly däl. Ýeke-täk mesele Saud Arabystanynyň häkimiýetleriniň wiza bermegine bagly bolýar. Emma Türkmenistanyň häkimiýetleri özleriniň zyýaratçylaryň haja gitmegine degişli berk çäklendirme girizmeginiň sebäpleri barada hiç haçan düşündiriş bermeýärler. Türkmenistandan Saud Arabystanyna her ýylda diňe 188 adam iberilýär. Käbir ýyllarda haja asla hiç kim hem goýberilmändi.

Saud Arabystanynyň ilçihanasynda bize aýdylyşyna görä, geçen ýylda ilçihana haja gitmek üçin wiza sorap ýüz tutan türkmenistanly raýatlaryň ençemesine wiza berlipdir. Şu ýyl Türkmenistanyň häkimiýetleriniň 650 adama wiza berilmegini sorap, resmi derejede ýüz tutandyklaryny ilçihanada bize habar berdiler we agzalan sanyň döwlet programmasynyň çäginde zyýarata gitjeklere degişli boljakdygyny aýtdylar. Onsoň geçen hepdede prezidentiň gol çeken permanynda ýene-de diňe 188 adamyň görkezilmegi bizi geň galdyrdy. Netijede geçen ýylda türkmenistanlylaryň özbaşdak zyýarata gitmegi we Saud Arabystanynyň olara wiza bermegi özbaşyna bir waka bolup galdy.

Azatlyk Radiosy: Saud Arabystanynyň Türkmenistan üçin göz öňünde tutýan kwotasynyň möçberi näçe?

Feliks Korli: Ilçiniň maňa aýtmagyna görä, her 1 müň adamdan bir zyýaratçynyň haja gitmegi üçin Saud Arabystanyna wiza berilmegi göz öňünde tutulýar. Diýmek, Türkmenistandan birnäçe müň adamyň haja gitmegine mümkinçilik bar. Ilçihananyň resmileri Türkmenistanyň raýatlarynyň haja gitmegine mümkinçilikleriň çäklendirilmeginiň gynandyrýandygyny aýtdylar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly musulmanlaryň Saud Arabystanyna haja gitmekde kynçylyk çekmegi olaryň dini hukuklaryny näderejede depeleýär?

Feliks Korli: Islendik ýurduň islendik raýaty islendik ýere zyýarata gitmäge hakly. Goý, Ierusalim, Mekge, butparazlaryň mukaddes ýerleri bolsun, her adamyň öz islegine görä zyýarat etmäge hukugy bar. Türkmenistanyň häkimiýetleriniň zyýarata gidýänleriň sanyny emeli ýagdaýda çäklendirmegi diňe bir wyždan azatlygynyň çäklendirilmegi bolman, hereket azatlygynyň hem çäklendirilmegidir. Her bir adamynyň islendik maksat bilen öz ýurdunyň daşyna çykmaga haky bar. Diýmek, Türkmenistanyň häkimiýetleriň haç meselesine goşulmagy ýurtda adam hukuklarynyň depelenýändigini subut edýär.

XS
SM
MD
LG