Sepleriň elýeterliligi

"350 müň türkmene açlyk howpy abanýar"


Yrakly türkmenler

Yrakly türkmenler

Yrakly türkmen halk wekili Nehle Sellame golaýda Bagdatda geçiren metbugat ýygnagynda ýurtdaky çaknyşyklar sebäpli bosgun bolan 350 müň çemesi türkmene açlyk sebäpli ölüm howpunyň abanýandygyny aýdyp, türkmen bosgunlaryna gyssagly kömek edilmegine çagyrdy.

Eýsem Yrakda ýaşaýan ýerlerinden bosmaga mejbur edilen etniki türkmenler, olaryü maşgala agzalary, ýaş çagalar nähili ýagdaýlary başdan geçirýär?

Halkara jemgyýetçiliginiň Yrakda ýaşaýan ýerlerinden gaçan adamlara kömek-ýardam bermek ugrunda edýän işleri barada habarlar çykýar. Eýsem, açlyk howpy abanýan etniki türkmenlere nähili gyssagly kömek edilmeli?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda Yrakda bosgunlyk jebrini çekýän etniki türkmenleriň başdan geçirýän ýagdaýlaryny we olara ýardam bermek üçin alnyp barylýan işleri, edilýän tagallalary olaryň wekilleri bilen söhbetdeşlik arkaly ele alýar.

Bu temada gepleşişe gatnaşmak isleýänler şu salgydan aragatnaşyga geçip biler: hat@azatradio.org

Şeýle-de bu foruma öz pikirdir-garaýyşlaryňyz, teswirleriňiz we teklipleriňiz bilen goşant goşmaga çagyrýarys.

XS
SM
MD
LG