Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat-Baku: Energiýa meselesi maslahat edildi


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rownag Abdyllaýewi kabul etdi.

22-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen gepleşiklerde ýurtlar üçin strategiki energiýa pudagynda aragatnaşyklaryň geljeginiň ara alnyp maslahat edilendigi barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Ägirt uly resurs we ykdysady mümkinçiliklerine eýe bolan bu iki goňşy döwletiň özara hyzmatdaşlygyny deň hukuklylyk we özara bähbitler nukdaý nazardan mundan beýläk ösdürmek niýetini mälim edendigi resmi maglumatlarda nygtaldy. Gepleşiklerde Türkmenistanyň köp ugurly eksport geçirijileri döretmek boýunça strategiýasynyň netijeliligi bellenipdir.

Hazar deňzindäki goňşy döwletler Türkmenistan we Azerbaýjan regionyň energiýa resurslaryny Ýewropanyň bazarlaryna çykarmak boýunça alternatiw marşrutlaryň ulanylmagyna gyzyklanma bildirýärler.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Ýewropa Bileleşiginiň öňe sürýän “Transhazar” proýektiniň ekologiýa taýdan barlanmagyna taýýarlyk bildiripdi. Hazar deňziniň suwasty giňişliginden Türkmenistandan Azerbaýjana çekilmegi göz öňünde tutulýan uzynlygy 300 kilometrlik türba arkaly tebigy gazy Türkiýäniň üstünden Ýewropanyň bazarlaryna akdyrmak mümkinçiligini göz öňünde tutulýar.

XS
SM
MD
LG