Sepleriň elýeterliligi

Pentagon YD garşy hüjüme başlady


Pentagon ABŞ-nyň we “partnýor ýurtlaryň” güýçleriniň “Yslam döwletiniň” Siriýadaky güman edilýän nyşanlaryna howadan zarba urup başlandygyny aýdýar.

Pentagonyň beýannamasynda partnýor ýurtlaryň Iordaniýany, Bahreýni, Saud Arabystanyny, Katary we Birleşen Arap Emirliklerini öz içine alýandygy aýdylýar.

ABŞ-nyň zarbalary söweş, bombalaýjy we sürüjisiz uçarlar, şeýle-de “Tomahawk” raketalar arkaly amala aşyrylar.

Bu aksiýa Siriýada ornaşan “Al-Kaýdanyň” weteranlarynyň ABŞ-nyň we Günbataryň bähbitlerine garşy “gutulgysyz hüjümleriniň” öňüni almak maksadyny öz öňünde goýýar.

XS
SM
MD
LG