Sepleriň elýeterliligi

Lebap pagta ýygymda öňe saýlandy


Türkmenistanyň Lebap welaýaty pagta ýygym kampaniýasynda beýleki regionlardan öňe çykyp, welaýatyň pagtaçylary 115 müň tonnadan gowrak pagta tabşyrypdyr. Munuň regionda planlaşdyrylan 300 müň tonna pagtanyň 40% emele getirýändigi resmi maglumatlarda aýdylýar.

Türkmenistanda şu ýyl pagta 535 müň gektar ýerde ekildi. Ahalyň 207 müň tonna, Marynyň 313 müň tonna, Daşoguzyň 230 müň tonna pagtany ýygyp tabşyrmagyna garaşylýar.

Türkmen metbugatynyň maglumatlarynda pagta ýygym kampaniýasynyň uly ähmiýete eýedigi nygtalýar we pagta meýdanlarynda mehanizatorlar, pagtaçylar we “beýleki gatnaşyjylar” üçin iş we dynç alyş taýdan ähli zerur şertleriň döredilendigi habar berilýär. Lebap welaýatyndan gowuşýan maglumatlara görä, pagta ýygyma mejbury sürülýän bujet işgärleri köp we olar üçin pagta meýdanlarynda amatly şertler döredilmeýär.

XS
SM
MD
LG