Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Üzňelikdäki Daşoguz


Gazojak-Daşoguz ýoly
Gazojak-Daşoguz ýoly

Daşoguzdan Lebaba gelin bolup düşen Gülzada indi 10 ýyla golaý wagt bäri öz dogduk şäherine uly kynçylyk bilen sapar edýär. Sebäbi şonça wagt geçse-de, häzire çenlem iki goňşy welaýatlar – Lebap bilen Daşoguz aralygynda gatnaýan otly ýa-da awtobuslar ýok.

Biri-birine ýakyn ýerleşýän bu iki welaýatyň aralagynda uçar gatnawy bar, emma ol uçaryň agzalýan aralykda hepdede diňe duşenbe güni bir sapar gatnaýandygy we biletiniň hem gytlygy sebäpli ilat üçin bu ulagyň elýeter däldigi aýdylýar.

Ýol

Ýagdaýdan çykalga hökmünde iki welaýatyň ýaşaýjylary Lebabyň Gazojak şäherinden çölüň içi bilen Daşoguza uzap gidýän we bir mahallar gazçylar üçin niýetenilip gurlan ýoldan peýdalanýarlar. Emma ýoluň hilinden çen tutsaň, onda baryp-ha Soýuz döwründe gurlan we uzynlygy 200 kilometrden gowrak bolan bu ýoluň ýolagçylaryň gatnamagy üçin asla ýaramsyzdygyny görse bolýar.

Agzalan ýolda hiç hili ýol belgileri ýok, ýoluň hili aňrybaş ýaramaz, onsoň bu ýolda wagtal-wagtal ulaglaryň guma batyp galmagy, hatda ýol hadysalarynyň bolup durmagy ýaly ýagdaýlar seýräk däl.

Daşoguzdan Lebaba gelin bolup gelen zenan Gülzadanyň sözlerine görä, çölüň içinden geçýän ýoly ýol diýip atlandyrmaga diliň barmaýar. Sebäbi çukanak-sakanak, beýikli-pesli we howply öwrümlerden ybarat bu ýoldan her bir ýeňil maşyn geçibem bilmeýär.

Daşoguza gitmekçi bolan türkmenabatlylar Gazojak şäherine çenli otly bilen baryp, şol ugur boýunça gatnaýan we adam başyna 30 manat nyrhly hususy taksilere münüp, ýaňky ýoldan Daşoguza barýarlar.

Aýlawly sapar

Mundan başga-da Lebapdan Daşoguza, Daşoguzdan Lebaba gitmek isleýän ildeşlerimiz otly bilen paýtagt Aşgabadyň üstünden aýlawly sapar etmeli bolýarlar. Bu sapar üçin hem azyndan 28-30 sagadyň gidýändigi aýdylýar.

Özüni Meret diýip tanadan türkmenabatly ildeşimiz iş sapary bilen 12 sagatlap Türkmenabatdan Aşgabada, soňra Aşgabatdan ýaňadan bilet satyn alyp, 16 sagat ýol ýöräp, otluda Daşoguza barandygyny gürrüň berýär.

Daşoguz bilen Lebap welaýatlarynyň aralygynda öňden bar demirýol gatnawy Garaşsyzlyk ýyllarynda ýatyrylypdyr. Munuň sebäbi-de ol demirýoluň käbir böleginiň goňşy Özbegistanyň teretoriýasyndan geçýändigi bilen düşündirilýär.

“Indi Özbegistan daşary ýurt boldy, territoriýasyndan geçýän otly ýok. Daşoguza gitmek üçin bolsa çölüň içinden geçýän howply ýoly ýa-da Aşgabadyň üsti bilen iki günüňi sarp edip, otlyny saýlamaly bolýarsyň” diýip, Lebaba gelin bolup düşen Gülzada Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Gepiň gerdişine görä aýtsak, ýurduň demirgazyk welaýatyndan diňe Lebaba däl, Balkan, Mary welaýatlaryna hem göni barýan otly gatnawlary ýa-da awtomobil ýollary ýok. Mary welaýaty bilen Daşoguz welaýatynyň arasynda hiç hili otly gatnawy-da ýok.

XS
SM
MD
LG