Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ABŞ-nyň Siriýa hüjümlerini ýazgardy


Orsýet Siriýada “Yslam döwletiniň” söweşijilerine garşy howadan zarba urmak boýunça ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan kampaniýanyň Siriýanyň garaşsyzlygyny we halkara kanunlaryny bozýandygyny aýdýar.

Moskwanyň tankydy Pentagonyň ABŞ-nyň we “partnýor ýurtlaryň güýçleriniň” “Yslam döwletine” degişli bolmagy güman edilýän Siriýadaky nokatlara garşy howadan zarba urup başlandygyny yglan etmeginiň yzýany peýda boldy. Şeýle hüjümler başdsa Yrak bilen çäklenipdi.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň beýannamasynda şeýle çäreleriň Siriýanyň hökümetiniň “açyk razylygy” bilen ýa-da BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň karary bilen amala aşyrylmalydygy aýdylýar. Beýannamada terrorizme garşy göreşiň “BMG-niň howandarlygynda dünýä jemgyýetiniň sazlaşykly hereketlerini talap edýändigi we ABŞ-nyň öz geosyýasy maksatlary üçin Siriýanyň garaşsyzlygyny depeleýändigi aýdyldy.

XS
SM
MD
LG