Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Agyr artilleriýa yza çekildi


Orsýetçi gozgalaňçylar Ukrainanyň gündogaryndaky konfliktde iki tarapyň 20-nji sentýabrda gelnen ylalaşyklaryň çäginde söweş liniýasyndan öz agyr ýaraglarynyň ençemesini yza çekendigini aýtdylar.

Ylalaşyga laýyklykda, Donetsk we Luhansk regionlarynda Ukrainanyň harbylarynyň we gozgalaňçylaryň agyr artilleriýany yza çekip, 30 kilometrlik bufer zonasyny döretmegi göz öňünde tutulýar. Bu ylalaşygyň gandöküşikli konfliktiň soňuna çykmak boýunça gelnen ozalky ylalaşyklary güýçlendirmegine garaşylýar. Regionda aprel aýynda başlanan söweşler 3000 gowrak adamyň ölümine sebäp boldy.

Öz-özüni ykrar eden Donetsk halk respublikasynyň premýer-ministri Aleksandr Zaharçenko separatistleriň öz artilleriýasyny diňe “Ukrainanyň goşun birlikleriniň yza çekilen giňişliklerinden” çykarandygyny aýtdy. Luhanskdaky separatistler hem Ukrainanyň hökümet goşunlarynyň bölekleýin çykarylandygyny habar berdiler.

XS
SM
MD
LG