Sepleriň elýeterliligi

Daşkent: Gülnaranyň öý tussaglygy tassyklandy


Özbegistanyň prokurorlary prezident Yslam Karimowyň uly gyzy Gülnaranyň öý tussaglygynda saklanýandygyny we onuň korrupsiýa bilen bagly işler boýunça derňew astyndadygyny aýtdylar.

42 ýaşly bizness zenany Gülnara Karimowanyň geçen ýylda korrupsiýa bilen bagly dawanyň ýüze çykmagyndan öň 76 ýaşly kakasynyň prezident wezipesinde mirasdüşeri boljakdygy çak edilipdi.

Özbegistanyň Baş prokuraturasy 23-nji sentýabrda ýaýradan beýannamasynda Karimowanyň özüniň 16 ýaşly gyzy Iman bilen bilelikde öz öýünde “üzňelikde” saklanýandygyny tassyklady. Beýannamada Karimowanyň we onuň gyzynyň saglyk taýdan hiç hili problemalarynyň ýokdugy we ABŞ-da doglan Imanyň “islän ýerine gidip bilýändigi” belledi.

XS
SM
MD
LG