Sepleriň elýeterliligi

"Stan" goşulmasy Gyrgyzystandan aýrylýarmy?


Gyrgyzystanyň “Ar-namys” atly syýasy partiýasynyň lideri Feliks Kulow.

Gyrgyzystanyň “Ar-namys” atly syýasy partiýasynyň lideri Feliks Kulow.

Gyrgyzystanda ýurduň adynyň soňundaky “stan” goşulmasyna howp abanýar.

Ýakynda Gyrgyzystanyň “Ar-namys” atly syýasy partiýasy ählihalk referendumy arkaly ýurduň adyndan “stan” goşulmasyny aýyrmagy teklip etdi.

12-nji sentýabrda “Ar-namysyň” ýygnagynda partiýa lideri Feliks Kulow: “Stan – goşulmasy pars dilinden gelip çykýar we “Gyrgyzystan” sowet döwründe döredildi” diýdi.

Çykalga nämede? Çykalga hökmünde “Gyrgyzystan” sözünden “stan” goşulmasyny aýryp, “el” sözüni goşmaklyk teklip edilýär. Netijede, türk dilinden gelip çykan “el” sözi ulanylyp, ýurduň ady “Gyrgyz el respublikasy” bolar. “El” sözi gyrgyz dilinde “il” diýmegi aňladýar.

Referendum geçirmek

Kulow bu baradaky referendumy 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirmegi teklip etdi. Şol bir wagtyň özünde partiýanyň käbir beýleki agzalary ýurtda öňümizdäki ýyl geçiriljek parlament saýlawlary döwründe “stan” goşulmasyny aýyrmak barada aýratyn saýlaw býulletenlerini çykarmagy teklip etdiler.

Gyrgyzystanyň kartasy

Gyrgyzystanyň kartasy

Gyrgyzystanda ýurduň adynyň bir bölegi bolan “stan” goşulmasynyň aýrylmagy üçin bu goşulmanyň pars dilinden gelip çykanlygy baradaky çaklamadan özge takyk tutaryk getirilmese-de, bu goşulma baradaky gep-gürrüňler dowam edýär.

Kulowyň bu baradaky teklibiniň yz ýany, gyrgyz metbugat serişdeleri ýurduň adyndan “stan” goşulmasyny aýyrmak barada edilen öňki synanyşyklary ýatladylar. Şol synanyşyklar “stan” goşulmasynyň, umuman, ýurduň daşynda ýaramaz abraýynyň bardygy baradaky düşünjelere esaslanýardy.

"Gyrgyzystan Kürdüstan bilen çalşyrylýar"

Mysal üçin, 2012-nji ýylda “Aalam” partiýasynyň lideri Arslanbek Maliýew “stan” goşulmasy “Owganystan we oňaýsyz ýagdaýlardaky beýleki ýurtlar bilen arabaglanyşygy döredýär” diýipdi.

Maliýew mundan ozal ýurduň adyny “Kyrgyz ýer” ýa-da “Gyrgyz ýurdy” diýip üýtgetmegi yzygiderli teklip edipdi. Şeýle-de ol: “Gyrgyzystan sözi ýaramaz, sebäbi ol daşary ýurtlarda köplenç Kürdüstan sözi bilen çalşyrylýar” diýipdi.

Käbir gyrgyz metbugat serişdeleri bolsa Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerriniň 2013-nji ýylyň fewral aýynda eden belli çykyşyny ýatladylar. Kerri şonda Gyrgyzystany “Gyrzagystan” diýip atlandyrypdy. Şol wakada Kerri Gyrgyzystany goňşusy Gazagystan bilen çalyşana meňzeýär.

Ýurduň resmi ady

Dogrusy, resmi taýdan ýurduň doly ady häzirem “Gyrgyz respublikasy”, emma resmi dokumentlerde we kanunlarda “Gyrgyzystan” sözi giňden ulanylýar.

Bu ýagdaý hem köplerde ýurduň näresmi adynyň resmi taýdan üýtgedilmegi ugrundaky tagallalar edilen azaba mynasyp bolarmy ýa bolmazmy diýen şübheleri döredýär.

“Hökümetiň ençeme beýleki wajyp zatlara puly ýok. Häzirki kynçylykly döwürde “Ar-namys” partiýasy hökümetiň býujetine ýene-de agram saljak bolýar” diýip, Bişkegiň Manas institutynyň direktory Topçubek Turgunalyýew aýdýar.

Turgunalyýew bu inisiatiwany “bolgusyzlyk” diýip atlandyrýar.

Sosial ulgamlardaky teswirler

Gyrgyz sosial mediasyndaky teswirlerde dürli duýgular beýan edilýär.

Sosial medianyň “KG-Balaşka” atly ulanyjysy “stan” goşulmasynyň ýurduň at-abraýyna oňaýly kömek etmeýändigini tassyklaýar, emma diňe adyň üýtgedilmegi onuň öňküsinden has gowy bolmagyna ýardam bermez diýip, şeýle ýazýar: “Gürrüňsiz, “stan” goşulmasynyň daşary ýurtlulary gorkuzýandygy syr däl. Emma hakykatda muňa biziň korrupsiýamyz we kanunsyzlygymyz günäkärdir”.

“Realnost” atly ulanyjy tarapyndan çap edilen teswirde: “Gyrgyzystan hakykatdan hem Kürdüstan bilen çalşyrylýar, sebäbi biziň ýurdumyz ösmedik we ýurdumyz barada hiç kim hiç zat bilmeýär. Eger-de biz ýurdumyzyň gowy tanalmagyny isleýän bolsak, biz ony gaýtadan gurmalydyrys. Sebäbi diňe ýurduň adyny üýtgetmek ýeterlik däl” diýilýär.

Diňe Gyrgyzystan däl

Gyrgyzystan ýurduň adyndan “stan” goşulmasyny aýyrmaga çalyşýan ýeke-täk merkezi aziýa ýurdy däl.

Gyrgyzystanyň goňşusy Gazagystanda hem prezident Nursoltan Nazarbaýew özüniň nebite baý ýurduny garyp goňşularyndan tapawutlandyrmak maksady bilen “stan” goşulmasyny aýyrmagy teklip edipdi.

“Biziň ýurdumyzyň adynyň soňunda beýleki merkezi aziýa ýurtlarynyň adynyň soňunda bar bolan “stan” goşulmasy bar” diýip, Nazarbaýew fewral aýynda eden çykyşynda belläpdi.

Şonda Nazarbaýew “wagtyň geçmegi bilen ýurduň adyny “Gazak eli”, ýagny “Gazaklaryň ýurdy” adyna öwürmegi gözden geçirmegi” teklip edipdi.

XS
SM
MD
LG