Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagalaryň pagta ýygmagyna kim jogapkär?


Lebap welaýaty
Lebap welaýaty

Türkmenistanda pagta ýygymy möwsüminde şu günler Mary we Lebap welaýatlarynyň gowaça meýdanlarynda pagta ýygyp ýören kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryny, çagalary görmek bolýar. Käbir halatlarda çagalar köpçülikleýin pagta ýygýarlar. Çagalaryň pagta ýygymyna gatnaşdyrylmagyna kim jogapkär we Türkmenistanyň kanunlarynda bu barada näme diýilýär?

Azatlyk Radiosy bu ugurdan türkmenistanly ýurist Ýewgeniý Greçuhin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýewgeniý, Türkmenistanda çagalaryň pagta meýdanlarynda zähmet çekmegine kanunda nähili garalýar?

Ýewgeniý Greçuhin: Birinjiden, Türkmenistan Çagalaryň hukuklary boýunça halkara konwensiýa goşulan ýurt. Türkmenistan bu konwensiýany tassyklady. Bu konwensiýany berjaý etmeki üçin Türkmenistanda Çagalaryň hukuklary boýunça milli kanunlar kabul edildi. Bu kanunlaryň esasynda Türkmenistanda çaga zähmeti, şol sanda pagta meýdanlarynda işlemegi gadagan edilýär. Emma soňky döwürde Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda çagalar köp göze ilýär.

1990-njy ýyllaryň aýagynda Türkmenistanda çagalar pagta ýygymyna köp çekilýärdi, soňky 10 ýyla golaý wagtda pagta önümçiliginde çaga zähmetiniň ulanylmagy bilen bagly faktlara duş gelinmeýärdi. Türkmenistanyň merhum prezidenti Saparmyrat Nyýazow çaga zähmetini gadagan etmek barada ýörite karar hem çykarypdy, munuň yz ýany Çagalaryň zähmet hukuklary barada döwlet kanuny hem kabul edilipdi. Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde hem çaga zähmetine degişli düzgünler kesgitlenilen.

Azatlyk Radiosy: Çagalaryň köpçülikleýin pagta ýygymyna çekilmegine kim jogapkär?

Ýewgeniý Greçuhin: Muňa kim jogapkär diýlende, ilkinji nobatda şeýle ýagdaýyň ýüze çykmagyna ýerli ýolbaşçylar we mekdepleriň okuw jaýlarynyň ýolbaşçylary jogapkär. Ilkinji nobatda bu mekdep müdirlerine degişli. Şol bir wagtda-da çagalaryň pagta ýygymyna çekilmegi mekdep müdirleriniň öz isleglerine görä bolmaýar, adatça olara ýokardan etrap häkimliklerinden görkezme berilýär.

Azatlyk Radiosy: Çagalaryň öz maşgalalary bilen pagta ýygmaklary Türkmenistanda köp duş gelýän ýagdaý. Bu ýagdaý kanuna ters gelýärmi?

Ýewgeniý Greçuhin: Çagalar bilim almaly. Elbetde, çagalaryň işlemegine, özlerine haýsy-da bolsa bir zat satyn alynmak üçin pul gazanmak höwesine adamkärçilik nukdaýnazardan düşünmek mümkin. Çagalar ene-atalaryna hem kömek berýärler. Emma bu ýagdaýa kanunyň gözünden garanyňda, häzir okuw ýyly başlandy, kanikul hem ýok, şu sebäpden okuw prosesi dowam edýärkä, çagalar mekdep programmasyny özleşdirmäge borçly.

XS
SM
MD
LG