Sepleriň elýeterliligi

BMG: Ýurtlary ösdürmäge has köp ýardam berler


Birleşen Milletler Guramasynyň klimatyň üýtgemegi baradaky sammitinde täzelenip boljak energetikanyň ulanylyşyny giňeltmek we ýurtlary ösdürmek üçin edilýän kömekleri milliardlarça amerikan dollary möçberinde artdyrmak boýunça ylalaşyga gelindi.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun tarapyndan ýolbaşçylyk edilen bir günlük sammitde 2030-njy ýyla çenli tropiki tokaýyň ýitip gitmegini togtatmak, azyk harytlaryň önümçiligini gowulandyrmak we 2030-njy ýyla çenli şäherlerdäki täze awtomobilleriň 30%-ni elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň paýyna ýetirmek öňde goýuldy.

Öňde goýlan bu maksatlar 2015-nji ýylyň ahyrynda 200 ýurduň gatnaşmagynda geçiriljek sammite artýan kömürturşy gazynyň bölünip çykarylmagyny gowşatmak baradaky şertnamany tamamlamak üçin taýýarlyklara kömek etmegi meýilleşdirýär.

Hytaý 2007-nji ýylda Birleşen Ştatlaryny ozup geçip, dünýäniň iň köp kömürturşy gazyny bölüp çykarýan ýurdy bolupdy.

XS
SM
MD
LG