Sepleriň elýeterliligi

Azatlyk TW

Kitap sergisi açyldy


Şu gün paýtagtyň Sergi köşgünde "Kitap-hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly" atly neşir önümleriniň 9-njy halkara kitap sergi-ýarmarkasy açyldy. Bu sergi-ýarmarkada ýerli neşirýat kärhanalaryň önümleri bilen daşary ýurt neşirýat kompaniýalarynyň hem önümleri bar. Türkmen neşiýatçylarynyň kitap önümleriniň arasynda prezident G.Berdimuhamedowyň kitaplary we ol barada kitaplar bar. Serginiň şu ýyl Magtymguly Pyragynyň ýylynda geçirilýändigi sebäpli sergide beýik şahyryň eserleri we ol barada ýazylan kitaplar hem az däl. Häzirki zaman türkmen edebiýatyna degişli kitaplaryň aglabasy mundan 1-2 ýyl öň neşir edilen eserler. Mysal üçin Gözel Şagulyýewanyň soňky döwürde çap edilen ahli kitaplaryny bu sergide görmek bolýar.

XS
SM
MD
LG