Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku: 26 şübheli söweşiji tussag edildi


Azerbaýjanyň resmileri Siriýadaky we Pakistandaky söweşijilere goşulmakda güman edilip, asly kawkaz ýurtlaryndan bolan 26 raýatyň tussag edilendigini habar berýärler.

Azerbaýjan tussag edilmeler bilen baglanyşykly maglumaty 23-nji sentýabrda Birleşen Ştatlar we onuň arap ýaranlary Siriýadaky “Yslam döwleti” toparyna garşy howa zarbalaryna başlandan birnäçe sagat soň, yglan etdi.

Azerbaýjanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň berýän maglumatyna görä, tussag edilen raýatlara bikanun ýaragly toparlara gatnaşmak, ýaraglaryň we partladyjy serişdeleriň söwdasyny etmek ýaly aýyplamalar ýöňkelýär.

Şübheliler Azerbaýjana dolanandan soň, tussaghana alnyp gidildi. Azerbaýjanyň kanunyna laýyklykda tussag edilenler günäli tapylsa, 20 ýyldan başlap ömürlik türme tussaglygyna çenli höküm edilip bilner.

XS
SM
MD
LG