Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abu Katada azatlyga goýberildi


Radikal ruhany Abu Katada özüne ýöňkelen terrorçylykly aýyplamalardan aklanandan soň, 24-nji sentýabrda Iordaniýanyň türmesinden boşadyldy.

Abu Katada 2000-nji ýylda Iordaniýada ysraýylly we amerikan syýahatçylaryny hem-de günbatar diplomatlaryny nyşana almak baradaky planlara gatnaşmakda aýyplanypdy. Şol planlar “müňýyllygyň dildüwşügi” diýlip atlandyrylypdy.

Ýöne 24-nji sentýabrda Iordaniýanyň paýtagty Ammanyň sudy Katadany günäsiz diýip yglan etdi. Sud Katada garşy delilleriň ýetmezçilik edýändigi barada karar çykardy.

53 ýaşyndaky ruhany şu ýylyň iýun aýynda hem beýleki bir sud işinde, ýagny 1999-njy ýylda Ammandaky amerikan mekdebine hüjüm etmegi planlaşdyrmakda günäsiz tapylypdy.

XS
SM
MD
LG