Sepleriň elýeterliligi

Bagdat: Partlamada 14 adam öldi


Yragyň paýtagtynda amala aşyrylan bombaly ulag partlamasynda azyndan 14 adam öldi, şeýle-de 30-dan gowragy ýaralandy.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, bombaly ulag 23-nji sentýabrda Bagdadyň gündogaryndaky Sadr Sity sebitindäki gyzgalaňly köçede partladylypdyr.

“Yslam döwletiniň” söweşijileri Bagdatda janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran birnäçe bomba partlamasynyň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.

Birleşen Ştatlaryň we Fransiýanyň uruş uçarlary bilen goldanylýan yrak we kürt güýçleri “Yslam döwletiniň” söweşijilerine garşy söweşlerini dowam etdirýärler.

XS
SM
MD
LG