Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa Russiýa garşy goşmaça sanksiýalary girizdi


24-nji sentýabrda Ýaponiýa beýleki ýurtlar, şol sanda özüniň ýakyn ýarany Birleşen Ştatlar bilen bir hatarda Russiýa garşy goşmaça sanksiýalary güýje girizýändigini mälim etdi.

Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň baş sekretary Ýoşihide Suga Russiýa garşy girizilen täze çäreler käbir takyk rus banklarynyň Ýaponiýada öz gymmatbaha kagyzlaryny çykarmagyna gadagançylygy we ýaraglaryň Russiýa ugradylmagynyň öňüni almak boýunça gözegçiligiň artdyrylmagyny öz içine alýar diýdi.

Mart aýynda Russiýa Krym ýarymadasyny anneksiýa edensoň, Ýaponiýa Moskwa garşy sanksiýalary güýje girizipdi, emma şol sanksiýalar Ýewropa Bileleşiginiň we Birleşen Ştatlaryň girizen çärelerine garanda gowşakdy.

XS
SM
MD
LG