Sepleriň elýeterliligi

"Bikanun" pagtaçylar


Pagta ýygymyna çykarylan ýaş türkmenistanlylar

Pagta ýygymyna çykarylan ýaş türkmenistanlylar

Pagta möwsüminiň gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýän mahaly Marynyň Tagtabazar etrabynyň pagta meýdanlarynda kärendeçi daýhanlar bilen bir hatarda pagta ýygýan okuwçy ýaşlara hem duş gelse bolýar.

Kämillik ýaşyna ýetmedik, ýagny aglaba 12-14 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary, kanun boýunça dynç güni diýlip bellenilen ýekşenbe günleri pagta meýdanlaryna işe çykýarlar. Tagtabazaryň ilatly nokatlaryndan takmynan 80 km uzaklykdaky pagta meýdanlaryna äkidilýän çagalar we ýetginjekler aglaba pagta ýygmaly edilen döwlet edaralarynynyň işgärleriniň, şol sanda mekdep mugallymlarynyň deregine işe çykarylýarlar.

Tagtabazaryň 10-njy mekdebiniň 7-nji klas okuwçysy Gülendam mugallymlaryň ýörite aýlanyp, öz ýerine pagta ýygjak hakynatutma okuwçylary gözleýändiklerini aýdýar.

“Mugallymlar hepdäniň dowamynda synpma-synp aýlanyp, ‘pagta gitjek ýokmy?’ diýip, özleriniň ýerine adam gözleýärler. Pagta çykanyň üçin 4 manat berýärler, üstesine-de ýygan pagtaňa berlen pul hem özüňe galýar. Ýöne ýygan pagtaňy mugallymyň adyna belletmeli” diýip, Gülendam gürrüň berýär.

Gülendamyň sözlerine görä, pagta ýygymyna çykmaly edilen uly adamyň deregine bir ýaş okuwçynyň gelip “adyny belletmegine” ýerlerdäki ýolbaşçylar perwaýsyz garaýarlar, muny kadaly bir zat hökmünde kabul edýärler.

Kanun gadagan edýär

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň kanunçylygyna görä, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary işletmek, şeýle-de okuw ýylynyň dowamynda olary oba-hojalyk işlerine çekmek bikanun hasaplanýar. Bu şu ýylyň 3-nji maýynda kabul edilen Çaga haklarynyň döwlet kepili baradaky kanunda hem aýratyn düzgünleşdirilýär.

Emma, kanunda göz öňünde tutulan bu çärelere garamazdan, okuwçy ýaşlar gös-göni resmileriň gözegçiligi astynda uzakly gün pagta ýygýarlar.

Şol bir wagtda-da, ýagny okuwçy ýaşlaryň kanunyň tersine pagta meýdanlarynda işledilmegi bilen bir hatarda, olaryň gowaça meýdanlaryndaky iş şertleri hem öwerlik däl. Pagta meýdanlarynda howanyň temperaturasynyň 30-35 gradusa çenli gyzýan häzirki döwründe, Günden goranar ýaly ýörite saýawanlar göz öňünde tutulmandyr. Çagalar we ýetginjekler Günüň ýiti şöhlesinden kellelerine papak ýa sport şyrdagyny geýip, gyzlar hem ýaglyklaryny çümre daňnyp goranýarlar.

Pagta meýdanlarynda agyz suwy bilen üpçünçilik meselesinde-de kemçilikler göze ilýär. Ýörite maşynlar bilen suw eltilmedik ýagdaýynda, pagtaçylar, şol sanda ýaşlar hem sanitariýa derejesi anyklanmadyk ýaplardan suw içip, suwsuzlygyny gandyrýarlar. Gowaça meýdanlarynda azyk üpjünçiligi hem ýola goýulmansoň, çagalar iýjek naharyny öz ýanlary bilen öýden getirmeli bolýarlar. Gepiň keltesi, pagta meýdanlarynda ýygymçylar üçin iň ýönekeý gigiýena şertleri-de döredilmändir.

Pagta ýygymçylaryna, şol sanda bu kampaniýa gatnaşdyrylýan çagalara hem ýygan her 1 kg pagtasy üçin 20 teňňe tölenýär. Tagtabazar etrabyndan pagta ýygymyna gatnaýan çagalaryň günüň dowamynda 50-60 kg pagta ýygyp tabşyrýandygy aýdylýar.

Şu ýyl Türkmenistan boýunça 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG