Sepleriň elýeterliligi

Obama: Ukrain ylalaşygy asudalygy hödürleýär


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasynda eden çykyşynda Ukrainada ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk, eger Russiýa muny berjaý etse, parahatçylygyň ýola goýulmagyny hödürleýär diýdi.

“Ukrainada ok atyşygy bes etmek barada ýakynda gelnen ylalaşyk bu maksada ýetmek üçin ýol açmagy hödürleýär” diýip, Obama 24-nji sentýabrda belledi.

“Eger Russiýa bu ýoly dowam etdirse, Sowuk uruşdan soň rus halkyny abadançylyga ýetiren ýoldan dowam etse, bu ýagdaýda biz Russiýa garşy girizilen sanksiýalary ýatyryp, umumy problemalary çözmek üçin Russiýany aramyza goşmaga taýýar” diýip, Birleşen Ştatlaryň prezidenti belledi.

Obam aýratynam, Russiýanyň Ukrainadaky ädiminiň Sowuk uruşdan soň ýola goýlan düzgüni kynlaşdyrandygyny aýdyp, Ukrainanyň öz territoriýasyna eýe çykyp başlansoň, Russiýanyň Ukraina goşun iberendigini hem mälim etdi.

Obama, ykdysadyýetini ösdürip, demokratiýany ornaşdyrmak boýunça ukrain halkynyň aladalanmalaryny Waşingtonyň goldajakdygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

XS
SM
MD
LG