Sepleriň elýeterliligi

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň dörtlemeleri.

Kim aýnaň öňünde ýalpyldap otyr,
Kim gara der bolup, basyrnyp ýatyr.
Ýene birem gök tokaýa ot berip,
Çişligi sowatman, oýnaşa ýetir.

***
Bir çemçe garaýag bir çelek baly,
Göz açyp-ýumarda zaýalap bilýä.
Gara donlam hil bir iş eden ýaly:
Daşyndan baş ýaýkap, içinden gülýä.

***
Pil ýaly göwräni agdaryp bilýän,
Magat dokuz gram gurşuna haýran.
Gan akyşyn görüp – "mawy ekranyň",
Reňkiniň üýtgemän durşuna haýran.

***
Wagonyň darajyk geçelgesinde
Süýnüp ýatan ýolagçyny oýarma.
Agzyndan ot bilen çykmaly gepe
Rugsat bolsa – goýar ýerde goýarmy?

***
Ýurt gaznasyn alyp, ýurdy terk eden
Kezzap işdäsini bozman iýipdir.
Bir parahor özün aklamak uçin,
"Gyzyl görse Hydyr azar" diýipdir.

***
Bar hasap-hesibiň in bir takygy:
Kese çyzyk ömür – ölüm arasy.
Birinji bölegi ýele sowursaň,
Ikinji ger eli ýowuz çäreli.

***
Ganjyga baglanan haly horjunly,
Asyrlardan geçen türkmeniň aty:
Bir taýynda edebiýaty türkmeniň,
Beýleki taýynda türkmen sungaty.

***
"Bedew ýer peşeýär, çar paýa galýar" –
Kä okaýas, käte ilýär gulaga.
Bedew dört aýagna galanok ahyr,
Galýar ol du paýa – iki aýaga.

XS
SM
MD
LG