Sepleriň elýeterliligi

Gazak firmasyna jerime salyndy


Gazak reklam kompaniýasyna gomoseksuallar kluby üçin onlaýn mahabatlandyryş bannerini taýýarlany üçin pul jerimesi salynda.

Almatynyň sudy “Hawas bütindünýä Gazagystan” kompaniýasyny “Gazagystanda gadagan edilen hyzmatlary we harytlary mahabatlandyrmakda” günäli tapdy.

24-nji sentýabrda sud kompaniýanyň direktory Daria Hamitjanowanyň 700 amerikan dollary, kompaniýanyň bolsa 1 müň amerikan dollary möçberinde pul jerimesini tölemelidigi barada karar çykardy.

Gürrüňi edilýän kompaniýa garşy bu sud işi Almatynyň ýaşlar guramasy tarapyndan gozgaldy.

Mahabatlandyryş banneri Almatydaky “Studio 69” atly gomoseksuallar kluby üçin taýýarlanypdy. Bannerde XIX-njy asyra degişli tanymal gazak kompozitory we halk aýdymçysy Kurmangazy Sagyrbaýulynyň rus ýazyjysy Aleksandr Puşkini ogşap duran pursaty şekillendirilýär.

XS
SM
MD
LG