Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ: Gürjü raýaty terroristleriň sanawyna goşuldy


Birleşen Ştatlar Gürjüstanyň raýatyny Siriýada terrorçylykly söweşleri goldamak üçin “Yslam döwleti” ýaly ekstremist guramalara maliýe we maddy taýdan goldaw berip, olar bilen işleşýän şahslaryň sanawyna goşdy.

Ýakyn Gündogarda Omar al-Şişani ady bilen tanalýan we Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylary tarapyndan “Siriýada ýerleşýän gürjüstanyň raýaty” diýlip atlandyrylýan Tarhan Batiraşwili 24-nji sentýabrda Birleşen Ştatlaryň Maliýe ministrligi tarapyndan “ýörite bellenen global terroristler” diýip atlandyrylan 11 şahsyň biridir.

Maliýe ministrliginiň ýaýradan beýanatynda soňky birnäçe ýylyň dowamynda Batiraşwili “Yslam döwleti” atly toparyň düzüminde “ýokary derejeli wezipeleri” ýerine ýetirdi we “birnäçe hüjümleri amala aşyrdy” diýilýär.

XS
SM
MD
LG