Sepleriň elýeterliligi

Al-Bagdada açyk hat ugradyldy


Dünýäniň ýüzden gowrak musulman alymy we liderleri “Yslam döwleti” atly toparyň lideri Abu Bakr al-Bagdada (Abu Bakr al-Baghdadi) açyk hat ugratdy. Olar öz hatynda toparyň yslamyň mukaddes kitabyndan alnan setirleri ulanmagynyň kanuny esasynyň ýokdugyny we haýasyzdygyny aýdýarlar.

24-nji sentýabrda ýaýradylan hatda adam gynamalary, gulçulyk, adamyň dinini zor bilen çalyşdyrmak, aýallaryň we çagalaryň hukuklaryny ret etmek we günäsizleri öldürmek ýaly “Yslam döwleti” atly topar tarapyndan amala aşyrylýan çäreler yslamda gadagan edilendir diýilýär.

Şeýle-de, hatda halyfatyň gündogar Siriýadan günbatar Yraga çenli territoriýany eýeleýändigi barada Bagdadynyň aýdanlary howaýy gürrüň diýlip atlandyrylýar. Hatda “Yslam döwleti” atly topar ýol berilmesizdir diýlip, onuň jyhad baradaky çagyryşlary ýazgarylýar.

XS
SM
MD
LG