Sepleriň elýeterliligi

Siriýada 14 söweşiji öldürildi


Düýbi Britaniýada ýerleşýän synçy topar Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky güýçler tarapyndan Siriýada amala aşyrylan howa zarbalarynda “Yslam döwleti” atly toparyň azyndan 14 söweşijisiniň öldürilendigini habar berýär.

Siriýanyň adam hukuklaryny gorap çykyş edýän merkeze ýolbaşçylyk edýän Rami Adulrahman bu hüjümlerde parahat ilatdan azyndan bäş adamyň öldürilendigini hem mälim etdi.

Abdulrahmanyň sözlerine görä, söweşijiler Siriýanyň gündogaryndaky Deir Ezzor welaýatynda amala aşyrylan howa hüjümlerinde, parahat ilatdan ýaşaýjylaryň bolsa ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Hasakeh sebitinde geçirilen reýdlerde öldürilipdir.

Birleşen Ştatlaryň resmileriniň berýän maglumatyna görä, Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky howa zarbalarynyň üçünji gününde, 24-nji sentýabrda Siriýanyň gündogarynda ýerleşýän nebiti gaýtadan işleýän zawoda kontrollyk edýän “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri nyşana alnypdyr.

XS
SM
MD
LG