Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýatsenýuk sanksiýalary ýatyrmazlyga çagyrýar


Ýatsenýuk BMG-niň Baş Assambleýasyna ýüzlenip, Orsýetiň «hakyky gepleşiklere, parahatçylyk gepleşiklerine» başlamagyny talap etdi.

Ýatsenýuk BMG-niň Baş Assambleýasyna ýüzlenip, Orsýetiň «hakyky gepleşiklere, parahatçylyk gepleşiklerine» başlamagyny talap etdi.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk ýurtlary, Kiýew özüniň ähli territoriýasynda, şol sanda Krymda hem kontrollugy gaýtadan eýe alýança, Orsýete garşy girizilen sanksiýalary ýatyrmazlyga çagyrdy.

Ýatsenýuk BMG-niň Baş Assambleýasyna ýüzlenip, Orsýetiň gündogar Ukrainadaky ähli güýçlerini yza çekmegini, «Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky terrorçylaryň» ýarag üpjünçiligini bes etmegini hem-de «hakyky gepleşiklere, parahatçylyk gepleşiklerine» başlamagyny talap etdi.

Moskwa Ukraina goşun iberendigini ret edýär.

Ýatsenýuk Orsýetiň 5-nji sentýabrda, Kiýew bilen pitneçileriň arasynda Minskde gol çekilen ýaraşyk şertnamasynyň ähli punktlaryny ýerine ýetirmelidigini aýtdy.

Ol gündogar Ukraindaky Donetsk we Luhansk regionlarynda jar edilen ýaraşyga garamazdan, ukrain esgerleri we asuda adamlar pitneçileriň top oklaryndan şindem ölýär diýdi.

Ýatsenýuk Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine ýüzlenip, Moskwa söweş meýdanynda, goşunlara garşy uruşda ýeňip biler, emma bir milletiň garşysyna gurnalan uruşda, birleşen ukrain halkyna garşy söweşde hiç haçan ýeňmersiňiz" diýdi.

BMG-niň baş Assambleýasynyň geçýän mahalynda ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen ukrain krizisi barada gysgaça maslahat etdi.

Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, Kerri Minsk şertnamasynyň 12 punktunyň ählisiniň gyssagly durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini nygtady.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň biraz öň BMG-niň Baş Assambleýasyna eden ýüzlenmesinde Orsýetiň mart aýynda Krymy anneksiýa etmegi «uly döwletleriň, territoriýasyna goz gyzdyryp, kiçi döwletleri basgylan zamanasyna yza dolaýar» diýdi.

Waşingtonyň Orsýet gündogar Ukrainada ýaragly separatist hereketine meçew berýär we öz goşunlaryny serhetden aşyrdy diýen pozisiýasyny gaýtalamak bilen, Obama Moskwa garşy halkara basyşlaryna itergini dowam etdirmegi wada berdi.

Emma amerikan prezidenti ýaraşygyň, eger Moskwa oňa boýun bolsa, uzaga çekjek parahatçylyk getirmegine hem umyt bildirdi.

"Eger Orsýet şol ýodany, Sowuk uruşdan soňky döwürde rus halkyny abadançylyga getiren ýoly dowam etse, onda biz sanksiýalary ýatyrarys we Orsýetiň umumy kynçylyklardan bilelikde çykmak roluny gutlarys" diýip, Obama aýtdy.

Ol Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary ukrain halkyna olaryň öz demokratiýalaryny we ykdysadyýetlerini gurmak işinde kömek ederler diýdi.

“Biz başgalary hem taryhyň dogry tarapynda bize goşulmaga çagyrýarys, sebäbi tüpeňiň nili astynda kiçi gazanç edip bolýan hem bolsa, eger öz kararlaryny özleri berýän döwletleriň we halklaryň goldawyna ses berýänler ýeterlik bolsa, olar ahyrynda yzyna öwrüler” diýip, Obama aýtdy.

XS
SM
MD
LG