Sepleriň elýeterliligi

Azeri aktiwistiniň ýenjilendigi aýdylýar


Azerbaýjanda adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwist Leýla Ýunusyň aklawçylary öz müşderisiniň deslapky tussaghanada urlup-ýenjilendigini habar berýärler.

Aklawçylaryň berýän maglumatyna görä, 23-nji sentýabrda tussaghananyň sakçysy Ýunusy boş kamera geçiripdir we ony zemine itekläp, saçyndan tutup süýräpdir.

Azerbaýjanyň Adalat ministrligi Ýunusyň hukuklaryna düzgüne görä hormat goýulýandygyny aýdyp, aklawçylaryň beýanatyny ret etdi.

XS
SM
MD
LG