Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko reformalar planyny tanyşdyrdy


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko reformalaryň giňişleýin planyny tanyşdyrdy. Onuň aýtmagyna görä, bu reformalaryň esasynda Ukraina alty ýylyň içinde Ýewropa Bileleşigine agzalylyga girmek üçin arza bilen ýüz tutup biler.

25-nji sentýabrda Kiýewde geçiren metbugat ýygnagynda Poroşenko orsparaz separatistler bilen baglanyşan parahatçylyk ylalaşygy gündogar Ukrainada bäş aý bäri dowam edýän konfliktiň “iň howply” böleginiň tamamlanandygyny aňladýar diýdi.

Şeýle-de, Poroşenko “Strategiýa 2020” diýlip atlandyrylan reforma planynyň 60 çemesi sosial we ykdysady özgertmeleri we programmalary öz içine alýandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG