Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meredow BMG-de çykyş etdi


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy sessiýasynda çykyş edýär. 24-nji sentýabr, 2014 ý.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy sessiýasynda çykyş edýär. 24-nji sentýabr, 2014 ý.

BMG-niň Baş Assambleýasyna ýüzlenip, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow şu günki dünýä şertlerinde halkara we ýerli konfliktleriň harby ýol bilen çözülip bilinmejekdigini aýtdy.

Çarşenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy sessiýasynda eden çykyşynda R.Meredow Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy üpjün etmek, şeýle-de terrorizm howplaryna, ekstremizme, guramaçylykly jenaýata we neşe gaçakçylygyna garşy göreşmek ugrundaky tagallalaryň üstünlikli amala aşmagyna gönükdirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy goldaýandygyny hem mälim etdi.

Meredow Türkmenistanyň bitarap bir ýurtdygyna we onuň Owganystanyň bilen serhetleşýändigine ünsi çekip, BMG-niň howandarlygynda owganara milli dialogy gurnamagy hem teklip etdi.

Türkmen resmisi energiýa we transport meselelerinde hem durup geçip, Türkmenistandan Pakistana we Hindistana gazgeçirijini gurmak, şeýle-de Türkmenistanyň, Owganystanyň we Täjigistanyň üstünden geçjek demir ýol ulgamyny çekmek baradaky planlar dogrusynda hem çykyş etdi.

XS
SM
MD
LG